Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýer titreme boldy


Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda 5.9 magnitudaly ýer titreme boldy.
Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, ýer titremäniň merkezi Owganystanyň Pakistan, Hytaý we Täjigistan bilen serhetleriniň golaýynda az ilatly regionda ýerleşipdir.

Owganystanyň Tebigy betbagtçylyklar boýunça müdirliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Mohammad Aslim Saýas ýer titremäniň pidalary we ýetiren zyýany barada maglumatyň ýokdugyny 23-nji noýabrda aýtdy. Ýer titreme 22-nji noýabrda agşam boldy.

Ýer sarsgyny Owganystanda, Pakistanyň demirgazygynda we Hindistanyň paýtagty Nýu Delide duýuldy.

Owganystanda 26-njy oktýabrda 7.5 magnitudaly ýer titreme boldy.

XS
SM
MD
LG