Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Eýran: Haryt dolanyşygy artýar


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla ali Hamenei (s), Tähran, 22-nji noýabr, 2015
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla ali Hamenei (s), Tähran, 22-nji noýabr, 2015

Gazy eksport ediji döwletleriň 23-nji noýabrda Tähranda geçýän sammitiniň öňüsyrasynda iki günlük resmi sapary bilen Eýrana baran Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Hasan Rohani we baş ruhany lideri Aýatolla ali Hamenei bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan Eýran bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uzakmöhletleýin programmany işläp düşmegi teklip etdi. Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Eýran bilen haryt-dolanyşygy 2 milliard 620 million dollara ýetipdir we geçen ýylkysyndan 2,2% artypdyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda bar bolan ylalaşyga görä, geljekki 10 ýylyň dowamynda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygyny 60 milliard dollara ýetirmek planlaşdyrylýar, diýip türkmen mediasy habar berýär.

XS
SM
MD
LG