Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Yrakda uçar gatnawy ýatyryldy


Yrak kürtleriň öz-özüni dolandyrýan demirgazyk regionyndaky uçuşlaryny Orsýetiň goňşy Siriýada howadan amala aşyrýan söweşleri sebäpli iki günlük ýatyrdy.

Yragyň Graždan awiasiýasynyň resmileri 23-nji noýabrdan başlap, Irbil we Sulaimaniýah uçuşlaryň ýatyrylmagyna “syýahatçylary goramak” maksadyna gönükdirilendigini, sebäbi Hazar regionyndan Siriýa atylýan raketalaryň we uçurlaryň Yragyň demirgazygyndan geçýändigini aýtdylar. Olar beýleki aeroportlaryň kadaly işleýändigini bellediler.

Orsýet Siriýada howa hüjümlerini 30-njy sentýabrda başlady we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunlaryna goldaw bildirýär.

Geçen aýda Orsýetiň harby gämileri Hazar deňzinden 1500 kilometr uzaklykdan Yragyň we Eýranyň üstünden raketalary atdylar.

XS
SM
MD
LG