Sepleriň elýeterliligi

Belgiýa: Polisiýa 16 adamy ele saldy


Belgiýanyň polisiýasy howpsuzlyk çäresini geçirýär, Brussel, 22-nji noýabr, 2015.

Belgiýanyň polisiýasy howpsuzlyk çäresini geçirýär, Brussel, 22-nji noýabr, 2015.

Belgiýanyň häkimiýetleri polisiýanyň 13-nji noýabrda Parižde bolan terrorçylykly hüjümiň derňewi bilen baglanyşykda geçiren reýdiniň netijesinde 22-nji noýabrda agşam Brusselde 16 adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Belgiýanyň prokurorlarynyň 23-nji noýabrda aýtmaklaryna görä, esasy günäkär bolmakda güman edilýän fransiýaly söweşiji Salah Abdelslam “dowam edýän gözlegleriň netijesinde ele salynanlaryň arasynda” bolmandyr.

Geçen gije Brussel regionynda we Belgiýanyň Wallona regionynda geçirilen gözleg işleri 19 jaýda amala aşyryldy.

Belgiýanyň premýer-ministriniň yslam ekstremistleriň sazlaşykly, köp sanly hüjümleriň “çynlakaý we gutulgysyz” howpunyň bardygyny aýtmagynyň yzýany Brusselde yglan edilen ýokary derejeli taýýarlyk derejesi saklanýar.

XS
SM
MD
LG