Sepleriň elýeterliligi

Krym energiýasyz galýar


Gazdan işleýän energiýa generatory, Krymyň Simferopol regiony, Stroganowka, 22-nji noýabr

Gazdan işleýän energiýa generatory, Krymyň Simferopol regiony, Stroganowka, 22-nji noýabr

Krym ýarymadasynyň ilatynyň dörtden üç bölegi 23-nji noýabrda hem elektrik energiýasyz galdy. Ýarymadanyň elektrik üpjünçiligi Ukrainanyň Herson regionyndaky energiýa geçiriji desgalaryň sandan çykmagynyň netijesinde kesildi.

23-nji noýabrda adatdan daşary ýagdaý saklanýar, Simferopol, Ýalta, Saki şäherlerine we Orsýetiň Sewastopoldaky harby deňiz bazasyna elektrik energiýasy gaz bilen energiýany öndürýän stansiýalar arkaly berilýär.

Orsýetiň Krymy 2014-nji ýylda Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyndan soň, ukrain häkimiýetleri ýarymadany elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam etdirdiler.

Kryma elektrik togy Ukrainanyň Herson regionynyň üstünden geçýän elektrik liniýalary arkaly berilýär.

XS
SM
MD
LG