Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene söýgüsi


Ene we onuň çagalary.
Ene we onuň çagalary.

Biz ejemizi küýseýäris, ony göresimiz gelýär. Enäniň öz perzendini nähili küýseýändigini göz öňüne getirmek kyn.

Aýratyn orun

Enäniň gadyr-gymmaty barada oýlananymda, hormatly ýaşulymyz Hangeldi Garabaýewyň sözüni ýatlamaly bolýarys.

“Özümiz ata bolup, agtyga ýüzümiz düşse-de, enäniň orny bölek bolýar, özi amanadyny tabşyrsa-da, ruhy mydama adamyň kalbyny çoýup durýar. Ol-a bir. Ikinjidenem, aga-ininiň arasynda ene uly köpri bolýar. Bu dünýäden ene gidensoň, şol köpri bozulmak bilen. Dogan-garyndaşyň arasyna birhili mylaýym sowuklyk aralaşýan ekeni. Men muny öz mysalymdan aňýan. Belkäm, beýlekilerem şeýle bolarly.”

Garaşmak

Aşgabatda okaýan ýyllarym mümkin bolsa oýe – oba gitmäge çalşardyk. O döwürde otly mydama gije gatnaýardy. Gün ýaşanda Aşgabatdan ugrarsyň, gijäniň bir çakam Baýramala ýetersiň. Ondan pyýadalap oba ugrarsyň.

Gijäniň içinde, entek gapyny kakmankaň, içerden ejeň sesi geler.

– Oglum, senmi?

Soňra çyra ýanar. Ejeň gapyny açar. Saglyk-esenlik soraşylansoň, ol bende çaý goýmaga ýöneler.

Bu bir gezek däl, ähli gezekde şeýle bolupdy. Ol mydama ýoluma garaşyp oturan ýalydy. Men muny student ýoldaşlaryma aýdanymda oglanlar: “Meniň ejemem şeýle, göwnüme bolmasa, ol mydama maňa garaşyp oturan ýaly” diýip gürrüň berdiler.

Eneler perzendine mydama garaşýan bolarly.

Soň ejesiz wagtymda, ol içerde meniň doganlarym, onuň maşgalasy, çagalary ýaşaýan wagty baranymda, meniň gijeki takyrdyma içerden: “Kim sen?” diýen gazaply hem howsalaly ses eşidildi. Men şonda bu öýüň ejemiňki däldigine, doganymyň öýüne gelendigime düşündim.

Jandan ileri söýgi

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň ylmy ýolbaşçylaryndan biri, Muhammet Şirmämmedow şeýle gürrüň berdi.

Pedinstitutyň fizika fakultetiniň 1-nji kursunyň studenti 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolan Aşgabat ýertitremesini gözi bilen görüp, egni bilen çekipdir. Oňa ýykylan-ýumrulan weýrançylygyň aşagyndan aman çykmak nesip edipdir. Gün dogup, tä jahan ýagtylýança, weýrançylygyň aşagynda galanlara kömek berip, soňra öz ejesiniň ýanyna ylgapdyr.

On dokuz ýaşly ýetginjek weýrançylygyň, akyla sygmajak ynsan pidalarynyň hem dady-perýadyň arasyndan geçip, öz obasyna – paýtagtdan 20 km. gündogarlykdaky Änew obasyna tarap alňasaýar. Ol kä ýöräp, kä ylgap, bu ýoly günortana golaý geçipdir.

Olaryň obasy ýeryranmanyň merkezine has golaý bolansoň, jaýlaryň bary ýumrulypdyr. „Obamyzyň durkundan, diňe daş düşelen köçeler hem agaçlar galypdyr” diýip, Muhammet aga gürrüň berýär.

Ol öýleriniň ornuna ýeteninde, daýzalaryndan biri: „Oglum, pylan ýere bar. Belki, jaýlamankalar ýetişersiň” diýýär.

Muhammet aýdylan ýere barýar. Bir gyrada ýatan ejesini egin-eşiginden tanaýar. Çöküne düşüp, jesediň ýüzüne örtülen matanyň bir çetini galdyrýar.

– Eje jan, senem şeýle bolaýdyňmy? – diýip seslenýär.

Enäniň çep gözüniň ýokarsynda urgy yzy, ganyň garalyp duran çyzygy bar eken. Ogul gözünden ýaş döküp, möňňürip aglaýar-da, şol ýara yzyny sypalaýar. Ol ýerden gan syzyp çykýar. Enäniň gan öýüp garalan ýüzi agaryp başlaýar. Şonda ene gözüni açaýjak ýaly duýulýar. Emma göz açylman, onuň gabaklary rahatlyk bilen ýumulýar.

– Adatça, merhuma ýüzlenip, „Rahat ýat!” diýýändirler. Ol asla bir boş söz däl ekeni. Men şol rahatlygy hut öz ejemiň ýüzünde gördüm. Meniň elim onuň ýüzüne degenden soň, ol rahat tapdy hem ýüzi nurlandy. Meniň diri galandygymy mähriban ejemiň hakykatdan-da duýandygyna, hut göz ýetirdim. Onuň iň soňky arzuwynyň meniň diri galmagym bolandygyna düşündim. Elim galtaşansoň, onuň ýüzüne rahatlyk indi. Ejemiň jesedi maňa garaşypdyr.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG