Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ierusalim: Ýetginjekler garryny pyçaklady


Ysraýylyň polisiýasy Ierusalimiň merkezi bazarynda iki palestin ýetginjek gyzyň gartaşan bir adamy gaýçy bilen pyçaklandyklaryny, soň oka tutulandyklaryny aýtdy.

Polisiýa gyzlaryň biriniň atylyp öldürilendigini, beýlekisiniň ýaralanandygyny aýtdy. Ýaralanan 70 ýaşly adamyň hem palestinalydygy soň anyklandy.

Bu ýagdaý 23-nji noýabrda Ierusalimiň Mahane Ýehuda atly meşhur bazarynda ýüze çykdy.

Soňky iki aýda palestin hüjümçileri 18 ysraýyllyny esasan pyçaklap öldürdiler. 88 palestinaly Ysraýyl tarapyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG