Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: dollaryň bahasy ýokarlanýar


Amerikan dollary we täjik somonisi.

Amerikan dollary we täjik somonisi.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede 1 amerikan dollarynyň bahasy 7 somonä bardy. Şol bir wagtda Duşenbäniň walýuta alyş-çalyş nokatlaryndaky bildirişlerde 1 amerikan dollarynyň 6,7 – 6,8 somoniden satylýandygy bildirilýär. Duşenbedäki walýuta alyş-çalyş nokatlaryna ýüzlenýänleriň berýän maglumatlaryna görä, 1 amerikan dollarynyň bahasy 6,95-7 somonä deň bolupdyr.

Duşenbäniň walýuta alyş-çalyş nokadynyň bir müşderisi Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda 1 amerikan dollaryny 7 somoni 3 dirama satyn alandygyny aýtdy. “Käbir alyş-çalyş nokatlary 1 amerikan dollaryny 7 somoni 3 diramadan, käbirleri bolsa 7 somoni 8 diramadan hödürlediler. Maňa 1 dollary 7 somoni 3 diramadan satmagy teklip eden walýuta alyş-çalyş nokady paýtagtyň 1 dollary iň pes bahadan hödürleýän merkezidi” diýip, täjigistanly müşderi adýar.

Täjigistanyň Milli bankynyň 23-nji noýabr üçin kesgitlän kursuna görä, 1 amerikan dollary 6,67 somonä deň. Şol gün amala aşyryljak bank dolandyryşlarynyň ählisi bellenen kursa laýyklykda geçirilmeli.

Ykdysadyýetçileriň pikiri

Ykdysadyýetçileriň pikirine görä, Täjigistanda milli walýutanyň hümmetiniň pese gaçmagy ilkibaşdan Orsýetiň ykdysadyýetindäki krizis bilen baglanyşykly. Bu krizis Täjigistana iberilýän puluň möçberiniň amerikan dollarynda 30 göterim çemesi peselmegine getirdi.

Täjigistanyň Milli bankynyň maglumatynda ýurda iberilýän puluň 90 prosentini ors rubly emele getirýär. Ekspertleriň sözlerine görä, Täjigistana ors rublunda iberilýän puluň möçberi öňküsinden kemelmändir.

Şol bir wagtyň özünde soňky ýylyň dowamynda Orsýetiň milli pulunyň hümmeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dollaryna we ýewro pul birligine görä tas iki esse diýen ýaly pese gaçdy. Bu hem täjik somonisiniň hümmetine negatiw täsir ýetiren esasy faktor hasaplanylýar.

Administratiw çäreler

Täjigistanyň milli pul birligi – somoniniň dollara bolan gatnaşygy 2014-nji ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 30 prosent pese gaçdy. Ýagny, bu görkeziji 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda 5,15 somonä deň bolsa, häzir 7 somonä baryp ýetdi.

Şu ýylyň maý aýnda Täjigistanda dollaryň we ýewronyň bahasynyň ýiti ýokarlanmagy netijesinde täjik prezidenti Emomali Rahmon ýurduň Milli bankynyň ýolbaşçylaryny eýeleýän wezipesinden boşatdy. Täjik Milli bankynyň täze ýolbaşçylaryna somoniniň hümmetiniň pese gaçmagyny duruzmak belli bir wagta çenli başartdy.

Şol bir wagtda-da, ekspertleriň pikirine görä, iş ýüzünde dollaryň kursuny Täjigistanda diňe administratiw çärelere daýanyp çäkli döwürde bir derejesinde saklamak başardypdyr. Bu çäreleriň arasynda ýurduň täjirçilik banklaryna resmi taýdan bellenen kursdan ýokary bahadan bank aýlanyşygyny ýerine ýetirmegiň gadagan edilmegi-de bar. Şeýle-de, ýurtda hususy walýuta alyş-çalyş nokatlaryny ýapmak ýaly käbir beýleki çäreler hem görüldi.

Mundan ozal

Mundan bir aý ozal bolsa Täjigistanyň Milli banky ýurduň täjirçilik banklaryna bank pul aýlawynyň daşary ýurt walýutasynda erkin amala aşyrmaga rugsat berilýändigini mälim etdi. Şondan soň Täjigistanda dollaryň resmi bahasy ýokarlanyp başlady we ol 6,5 somaniden 6,7 somonä ýetdi. Täjigistanyň erkin bazarlarynda bolsa 1 amerikan dollarynyň bahasy 7 somoniden-de geçdi.

Amerikan dollarynyň bahasynyň degişli pul birligine görä ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýagdaý beýleki merkezi aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistanda hem boldy. 2014-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda 1 amerikan dollary 2,85-e manada deň bolan bolsa, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Merkezi banky 1 amerikan dollarynyň bahasyny 3,50 manat diýip yglan etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG