Sepleriň elýeterliligi

Belgiýanyň polisiýasy reýdleri dowam etdirýär


Belgiýadaky harby ulagyň gapdalyndan geçip barýan zenan. 23-nji noýabr, 2015 ý.

Belgiýadaky harby ulagyň gapdalyndan geçip barýan zenan. 23-nji noýabr, 2015 ý.

Belgiýanyň häkimiýetleri 13-nji noýabrda Parižde bolan terrorçylykly hüjümler boýunça derňewler bilen baglylykda polisiýa tarapyndan 22-nji noýabrda Brýussel regionynda geçirilen reýdlerde 16 adamynyň tutulandygyny aýdýarlar.

23-nji noýabrda Belgiýanyň federal prokurorlygynyň sözçüsi Erik Wan Der Zipt esasy günäkär diýip güman edilýän Fransiýada doglan Salah Abdelsalamyň ele salynmandygyny bildirdi.

"Gözlegleriň dowamynda tutulan adamlaryň arasynda Salah Abdelsalam ýok" diýip, Wan Der Zipt aýtdy.

Britaniýa we “YD” garşy howa zarbalary

Belgiýanyň resmileri dowam edýän derňewler we howpsuzlyk operasiýalaryna salgylanyp, tutulan adamlaryň kimlerdigi we olara näme günäleriň bildirilýändigi hakda jikme-jik maglumat bermekden saklanýarlar.

Fransiýanyň paýtagty Parižde Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron bilen fransuz prezidenti François Holland gyrgynçylykly hüjümlerde 90 adamynyň ölen ýeri bolan "Bataklon" konsert zalyna bardylar.

Kameron Siriýada "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerine garşy urulýan howa zarbalaryna Beýik Britaniýanyň hem goşulmagy üçin parlamentiň razylygyny sorajakdygyny aýtdy.

Öten agşam Belgiýada geçirilen reýdlerde Brýussel regionynda 19 öý, ýurduň Walloniýa regionynda ýerleşýan Şarleroý şäherinde hem 3 öý döküldi.

“Gorkýarys...”

Häkimiýetleriň bildirmegine görä, ýarag ýa partlaýjy maddalar tapylmandyr.

"Tapylan zatlar barada ýa tutulan adamlaryň kimlerdigi barada mundan artyk maglumat berip bilmeýäris. Entek tapylan ýarag ýa partlaýjy ýok" diýip Wan Der Zipt aýtdy.

Brýussel şindi-de ýokary derejedäki hüşgärlikde saklanýar. Bu ýerde 21-nji noýabrda dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärligi girizildi.

Belgiýanyň premýer-ministri Çarls Mişel 22-nji noýabrda metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: "Düýn belleýşim ýaly, tassyklaýaryn, biz birnäçe adam birnäçe ýerde Pariždäkä çalymdaş hüjümleri geçirer öýdüp gorkýarys. Potensial nyşanalar märekeli ýerler bolar diýip çaklamaga esas döredýän alamatlar bar. Biz bular, mysal üçin, söwda merkezleri, söwda köçeleri ýa jemgyýetçilik transporty bolar diýip pikir edýäris".

Hepdäniň ahyry

Brýusseliň metro sistemasy, mekdepler we uniwersitetler 23-nji noýabrda ýapyk galar.

Mişel ýagdaýa 23-nji noýabrda öýleden soň täzeden garalar diýdi. Ol soňra hem şäheriň mümkin boldugyça çalt adaty ýagdaýa dolanmagy üçin ähli zat edilýär diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Hepdäniň ahyrynda Belgiýanyň paýtagtynda metro ulgamy ýapyklygyna galdy we futbol oýunlary ýaly märekeli çäreler ýatyryldy.

Pariždäki hüjümler

Parižde 130 adamyň başyna ýeten hüjümleriň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" topary öz üstüne aldy.

Janyndan geçen bombaçylaryň ikisiniň Belgiýada ýaşandygy anyklanandan soň Brýussel derňewleriň merkezine öwrüldi.

Pariž hüjümlerini gurnan diýip güman edilýän Abdelhamid Abaaoud hem asly Marokkodan bolan belgiýaly.

Ol 18-nji noýabrda Parižiň golýynda geçirilen reýdde Fransiýanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Bir milliondan agdyk ilatly Brýussel Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň baş karargähleriniň, şeýle hem köpsanly korporasiýalaryň ýerleşýan ýeridir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG