Sepleriň elýeterliligi

Kerri Ysraýyl, Palestin liderleri bilen duşuşar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 24-nji noýabrda Ysraýylyň we Palestinanyň liderleri bilen duşuşyp, soňky zorluklary köşeşdirmek meselesini maslahat eder.

19 ysraýylly öldürildi, olaryň köpüsi pyçaklandy. Ysraýyl 89 sany palestinalyny oka tutup öldürdi we olaryň köpüsiniň hüjümçi bolandygyny aýtdy.

Kerri regiona edýän saparynyň gün tertibiniň Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylyk ugurndaky gepleşik meselesini öz içine almaýandygyny aýtdy.

Ol muňa derek sentýabr aýynda başlanan zorlugy köşeşdirmäge ýardam bermek meselesine ünsi gönükdirjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG