Sepleriň elýeterliligi

Siriýa türkmenleri Türkiýeden pena gözleýär


Siriýa türkmenleri

Siriýa türkmenleri

Türkiýäniň häkimiýetleriniň bildirmegine görä, soňky döwürde Siriýanyň demirgazygynda has-da möwjän harby operasiýalardan gaçan 1500-e golaý türkmen Türkiýäniň serhedine gelipdir we olar Türkiýä sygynmak isleýärler.

Türkiýe Orsýetiň Siriýada alyp barýan bombalamasynyň ol ýurtda şeýle çykgynsyz ýagdaýy döredýändiginden nägile. Ankaranyň beýan etmegine görä, Orsýetiň gurnaýan harby hereketleri netijesinde hasam batyrsyraýan Assadyň režimi Siriýanyň oppozision güýçleriniň elindäki sebitlere gurnaýan hüjümlerini güýçlendirdi. Ol sebitlerde bolsa aglaba etniki siriýa türkmenleri ýaşaýarlar.

Bosgunlaryň sany 35 müňe ýetip biler

Şol bir wagtyň özünde hem Türkiýe tarapyndan goldanylýan türkmenleri goramak üçin döredilen harby toparlaryň ozal öz ýaşan ýerlerini "Yslam döwleti" diýip atlandyrylýan guramadan yzyna gaýtaryp almak üçin harby herekete başlandygy habar berilýär.

Türkiýäniň Siriýa bilen serhetleşýän Hataý welaýatynyň häkimi Erjan Topaja 1500 sany türkmen bosgunynyň Türkiýäniň serhedine pena gözläp barandygyny tassyklaýar.

Onuň aýtmagyna görä, bosgunlar üçin 575 çadyr gurlupdyr we olara her hili kömek bermek üçin ähli taýýarlyklar görlüpdir. Welaýat häkimi Topaja AFP habar gullugyna beren beýannamasynda "Ankara türkmenleriň ýaşaýan 15 şäherinden 35 müňe golaý bosgunyň gelip biljekdigini çaklaýar" diýýär.

Welaýat häkimi häzirki wagtda 28 sany ýaraly türkmeniň Türkiýäniň keselhanalaryna ýeleşdirilendigini aýdýar.

Ankara Moskwa nota iberdi

Ankara Siriýada türkmenleriň ýaşaýan ýerleriniň Russiýanyň harby uçarlary tarapyndan bombalanmagyndan nägileligini bildirip, Russiýanyň Türkiýedäki adatdan daşary doly ygtyýarly baş ilçisine nota gowşurdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutogly öz çykyşynda Russiýanyň Siriýadaky türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini bombalamagynyň "gaty jogapkärçilikli netijeleri" getirip biljekdigini nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, bu ugurda Russiýa tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar. Dawutogly çykyşynda diňe etniki türkmenleriň däl, eýse şol sanda howa zarbalaryndan ýitgi çeken Siriýada ýaşaýan beýleki etniki toparlaryň hem adyny agzap geçdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Dawutogly: "Her kim terrorçylyga garşy göreşi bahana edinip, biziň türkmen, arap ýa-da kürt doganlarymyzyň üstüne edýän hüjümlerini mamla görkezip bilmez" diýdi.

Azerbaýjanlylar bilen dili we mezhebi bir bolan azlyk

Habarçylar şol bir wagtda-da Moskwanyň Ankaranyň nägileliklerine kän mümkinçilk bermeýändigini-de nygtaýarlar. Soňky aýlarda Russiýanyň Ankaradaky adatdan daşary doly ygtyýarly baş ilçisi Andreý Karlow Türkiýäniň Daşary işler ministrligine telim gezek çagyrylypdyr.

”Asia Times” gazetiniň ýazmagyna görä, Siriýada bolup geçýän ýagdaýlar Türkiýäniň prezidenti Erdoganyň ozalky syýasatynyň üýtgändigini görkezýär.

Putiniň maksady Başar al-Assady eýdip-beýdip hökümetiň başynda saklamak bolsa, Erdoganyň esasy maksady, munyň tersine, Assady eýdip-beýdip häkimýetden daşlaşdyrmak bolup durýar.

Siriýa türkmenleriniň belli bir bölegi, edil yrak türkmenleri ýaly, azerbaýjanlar bilen meňzeş dile hem mezhebe eýe. Anyk maglumatlar ýogam bolsa, sünni we şaýy türkmenleriniň umumy sanynyň deňeçerdigi aýdylýar.

Owal käbir habarlarda "YD" toparyna garşy umuman şaýy mezhebine uýýan türkmenleriň söweşýändigi we "YD" diýip atlandyrylýan guramanyň hem, ylaýta-da şol türkmenleri nyşana alýandygy habar berlipdi.

Ozal Türkiýäniň käbir syýasatçylary, hökümetdäki ”Adalat we Galkynyş” partiýasynyň (AKP) sünni mezhebine laýyk syýasat alyp baransoň, şaýy türkmenler bilen gyzyklanmaýandygy barasynda aýyplamalary öňe sürüpdiler.

Meselem, şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň "Sözji" gazetiniň internet sahypasy türk hökümetiniň Siriýa türkmenleri bilen bolan gatnaşygyny tankyt edip ýazan bir makalasynda, Siriýanyň türkmen bosgunlarynyň Türkiýäniň serhedinden geçmek üçin özüni kürt diýip tanatmaga mejbur bolýandyklaryna ünsi çekipdi.

AKP we Erdoganyň hökümeti bolsa öňe sürülýän şeýle garaýyşlary ret edýär.

XS
SM
MD
LG