Sepleriň elýeterliligi

Siriýada üç orsýet žurnalisti ýaralandy


Orsýetiň Su-24 uçary, Hmeymim harby bazasy, Latakia, Siriýa, 22-nji oktýabr, 2015.

Orsýetiň Su-24 uçary, Hmeymim harby bazasy, Latakia, Siriýa, 22-nji oktýabr, 2015.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýada söweşleriň alnyp barylýan pozisiýalaryna syýahat eden üç orsýetli žurnalistiň ýaralanandygyny aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, žurnalistler hökümetiň gözegçiligindäki Latakia regionynyň Al-Dagmaşliýa obasyna ulagly barýarka olaryň golaýyna raketa gaçypdyr.

Ministrlik žurnalistleriň ýeňil ýaralanyp, Orsýetiň harby bazasynyň keselhanasyna eltilendiklerini habar berdi.

Orsýet prezident Başar al-Assady goldap, Siriýada howa hüjümlerini amala aşyrýar.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň žurnalistleri Siriýada 2011-nji ýylda başlanan konfliktiň dowamynda hökümet güýçleriniň ýanynda işleýärler. Siriýadaky konfliktde 250 müňden gowrak adamyň wepat bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG