Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň zenan piloty wepat boldy


Pakistanyň howa güýçleriniň zenan pilotlaryndan biri uçar heläkçiliginde wepat boldy.

Pakistanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, heläkçilik 24-nji noýabrda Mianwali şäheriniň golaýynda “adaty türgenleşik çäresiniň” dowamynda ýüze çykypdyr.

Ofiser Marium Muhtiar Pakistanyň howa güýçleriniň wezipesini ýerine ýetiren wagtynda ölen ilkinji zenan pilotydyr. Pakistanyň howa güýçlerinde 19 zenan pilotyň bardygy 2013-nji mälim edilipdi.

Pakistanyň howa güýçlerine urgy bolan ozalky hadysa maý aýynda bolupdy. Şonda syýahatçylyk proýektini görkezmek üçin diplomatlary alyp barýan dikuçar heläkçilige uçrap, ýedi adamyň, şol sanda Norwegiýanyň we Filippinleriň ilçileriniň ölümine sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG