Sepleriň elýeterliligi

Orsýet söweş uçarynyň oka tutulanyny tassyklady


Türkiýänyň uçarlarynyň atyp ýere gaçyran söweş uçary, Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda, 24-nji noýabr, 2015

Türkiýänyň uçarlarynyň atyp ýere gaçyran söweş uçary, Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýynda, 24-nji noýabr, 2015

Orsýetiň Goranmak ministrligi orsýetiň SU-24 söweş uçarynyň Siriýada heläkçilige uçrandygyny boýun aldy we muňa “ýerden atylan okuň sebäp bolmagynyň çak edilýändigini” aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň bu beýannamasynyň öňüsyrasynda Türkiýäniň media serişdeleriniň maglumatlarynda türk uçarlarynyň ýurduň Siriýa bilen serhedinde howa giňişligini bozan näbelli bir söweş uçaryny urup ýere gaçyrandyklary habar berilipdi.

Harby resmiler Türkiýäniň F16s uçarynyň howa giňişligini bozan uçara 10 sapar duýduryş berip, soň ot açandygyny aýtdylar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi, bolsa özüniň SU-24 uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozmandygyny aýtdy we munuň tassyk edilmelidigini belledi.
Orsýet 30-njy sentýabrdan bäri Siriýada hökümet güýçlerine goldaw berip, howa zarbalaryny amala aşyrýar.

Oktýabr aýynda Orsýetiň söweş uçarlary iki gezek Türkiýäniň howa giňişligini bozupdy we Ankara tarapyndan protest döredipdi.

Türkiýäniň media maglumatlaryna görä, urlup ýere gaçyrylan uçaryň iki piloty uçary paraşutly terk edipdir.

XS
SM
MD
LG