Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Hamaneýä Gurhan kitabynyň nusgasyny berdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Eýranyň baş ruhany lideri Ali Hamenei. 23-nji noýabr, 2015 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Eýranyň baş ruhany lideri Ali Hamenei. 23-nji noýabr, 2015 ý.

Bu Gurhan kitabynyň mundan 1500 ýyl çemesi ozal ýazylan asyl nusgasy bolmasa-da, seýrek duş gelýän kitapdyr.

23-nji noýabrda Orsýetiň metbugaty tarapyndan giňden mahabatlandyrylan bir ýygnakda prezident Wladimir Putin Eýranyň baş ruhany lideri Ali Hamenei bilen duşuşyp, oňa musulmanlaryň VII asyrda, ýagny mundan bir müň üç ýüz ýyl çemesi öň ýazylan mukaddes kitabynyň ilkinji asyl nusgalarynyň birini berdi.

Bu kitabyň häzirki wagtda diňe az sanly nusgalary bar.

632-nji ýylda Muhammet pygamber aradan çykmazyndan öňki we soňky ýyllarda onuň wagyzlary pygamberiň tarapdarlary tarapyndan ýatda saklanyp, dilden-dile geçipdir. Musulmanlar Muhammet pygamberiň wagyzlarynyň oňa Hudaý tarapyndan gös-göni geçirilendigine ynanýarlar.

Diňe bäş sany golýazma kitap

Biziň eýýamymyzyň 651-nji ýylynda musulman halypasy, ýagny soltany Osman Muhammet pygamberiň wagyzlaryny ýeke-täk bir kitaba jemlemek barada karar kabul edýär. Şonda Osmanyň baştutanlygynda diňe bäş sany golýazma Gurhan kitaby taýynlanylýar.

Alymlaryň aglabasy tarapyndan tassyklanan taryha görä, halyf Osman märeke tarapyndan öldürilenden soň, onuň mirasdüşeri Aly Osman halypanyň taýynladan Gurhanyny demirgazyk Yraga getiripdir. Soňra bu sebit XIV-XV asyrlarda merkezi aziýaly patyşa Teýmirleň (Tamerlan) tarapyndan basylyp alynýar we we talanýar.

Teýmirleň halyf Osmanyň döwründe taýynlanan Gurhan kitabyny öz ullakan imperiýasynyň häzirki Özbegistanyň territoriýasynda ýerleşen paýtagty bolan Samarkanda getirmegi buýurýar.

Bäş kitabyň beýlekileri

Osmanyň taýynladan Gurhan kitabynyň bäş sany asyl nusgasynyň beýlekileriniň Türkiýäniň Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde saklanylýandygyna ynanylýar. Şol bir wagtda käbir alymlar onuň gelip çykyşyna şübheli garaýarlar.

Teýmirleňiň eline düşen Gurhan kitaby Orsýetiň imperial armiýasy Merkezi Aziýany basyp alýança, dört asyrlap Samarkandyň beýik Hoja Ahrar metjidinde saklanylýar. 1869-njy ýylda Orsýet häkimiýetleri Gurhan kitabyny Russiýa imperiýasynyň şol wagtky paýtagty Sank-Peterburgda saklamak üçin şa kitaphanasyna alyp gidýär.

1905-nji ýylda etnograflar bu kitabyň taryhy ähmiýetine düşünip, onuň 50 sany nusgasyny çapdan çykarmagy tabşyrýarlar. Şol kitaplaryň ýarpysy satylýar. Bäş sanysy-da şol döwrüň ýokary derejeli adamlaryna sowgat berilýär. Olaryň arasynda patyşa Nikolaý II, Osman imperiýasynyň Soltany we Buhara emiri ýaly belli şahslar bar.

Gurhan kitaby yzyna getirilýär

1920-nji ýyllaryň başynda bolşewikleriň lideri Wladimir Lenin Merkezi Aziýadaky territoriýalaryň ýaş Sowet respublikasynyň garşysyna çykyş etmeginiň öňüni almak maksady bilen, Osmanyň döwründe taýynlanan gadymy golýazma Gurhan kitabyny yzyna – Özbegistana ugratmagy teklip edýär.

Bu Gurhan kitaby 1924-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkende getirilýär we ol häzirki wagta çenli Telýaşaýah metjidiniň kitaphanasynda saklanylýar.

Mundan 110 ýyl ozal Sank-Peterburgda çap edilen halypa Osman döwründäki Gurhan kitabynyň nusgalaryndan diňe sanlyja kitabyň galandygy mälimdir. Maglumatlara görä, ol nusgalar häzirki wagtda Sank-Peterburgyň, Daşkendiň we Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetiniň kitaphanalarynda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG