Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Orsýetiň söweş uçary urlup ýykyldy


Türkiýe öz söweş uçarlarynyň, Siriýa bilen serhetde türk howa giňişligini bozanlygy sebäpli, 24-nji noýabrda Orsýetiň bir harby uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Orsýet bolsa urlup ýykylan uçaryň Siriýanyň territoriýasyndan çykmandygyny öňe sürýär.

Bu hadysanyň uruşdan ýaňa dargan Siriýa sebäpli dörän halkara dartgynlygyny artdyrmagy mümkin. Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň esasy ýarany. NATO-nyň agzasy Türkiýe hem onuň esasy tankytçylarynyň biri. NATO, Türkiýäniň haýyşy boýunça, ýörite maslahat geçirmekçi.

"Orsýetiň bir Su-24 uçary, halkara kanunlaryna laýyklykda, urlup ýykyldy. Sebäbi ol berlen duýduryşlara garamazdan, türk howa giňişligini bozdy" diýip, Türkiýäniň prezidentiniň administrasiýasy mälim etdi.

Ýurduň harby resmileri Türkiýäniň iki F16s uçarynyň, ors harby uçaryny urup ýykmazdan öň, oňa Türkiýäniň howa araçägini bozandygyny 10 gezek duýdurandyklaryny habar berýärler.

Orsýet özüniň Su-24 söweş uçarynyň Siriýada heläkçilige uçrandygyny tassyklady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi oňa ýerden atylan okuň degen bolmagy "mümkin" diýdi. Ministrlik "uçuşyň dowamynda uçar Siriýanyň territoriýasyndady" diýýär. Ol özüniň muny subut edip biljekdigini aýdýar.

Ors prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow wakany "örän çynlakaý hadysa" diýip atlandyryp, ýöne goşmaça maglumat bolmasa, bu barada şondan köp zat aýtmak mümkin däl diýdi.

Peskow soňra hem: "Biz uçaryň Siriýanyň howa giňişliginde, Siriýanyň territoriýasynyň depesinde bolandygyny şübhesiz bilýäris" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň uçarynyň urlup ýykylan pursady.

Orsýetiň uçarynyň urlup ýykylan pursady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi söweş uçarynyň pilotlarynyň uçardan paraşýutly bökendigini aýdyp, olaryň ykbaly "indi tassyklanmaly" diýdi.

NATO harby ýaranlyga agza 28 döwletiň ilçileriniň şu gün Ýewropa wagty bilen öýleden soň sagat bäşde ýörite maslahat üçin Brýusselde duşuşyk geçirjekdigini bildirdi.

Resmileriň biriniň "AFP" habar gullugyna aýtmagyna görä, ýörite maslahatdan maksat Türkiýäniň ors uçarynyň urlup ýykylmagy barada NATO boýunça öz ýaranlaryna maglumat bermegi.

Türk mediasynda berlen habarlarda uçaryň Türkiýäniň günorta Hataý welaýaty bilen Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ilaty esasan siriýaly türkmenler bolan sebitiň aralygyndaky serhetde urlup ýykylandygy aýdylýar.

Merkezi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topary uçaryň Latakiýa welaýatyndaky Türkmen daglary regionynda heläkçilige uçrandygyny aýtdy.

Türkmen daglary regiony soňky günlerde Orsýetiň howa zarbalarynyň goldawy bilen hökümet güýçleriniň hüjümlerine uçrady.

Orsýetiň hem Siriýanyň harby uçarlary ýurduň demirgazyk-günbatarynda nyşanalara garşy agyr bombalama kampaniýasynyň alyp bardylar.

Siriýada dört ýyldan gowrak bäri dowam edýän graždanlyk urşunyň bütin dowamynda Orsýet Assadyň režimini harby hem diplomatik taýdan goldap geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG