Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkiýäni aýyplaýar


Ýanýan rus uçary
Ýanýan rus uçary

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Türkiýäni «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini goramakda aýyplady.

Ol «käbir türk resmileriniň» «Yslam döwletiniň» kontrollyk edýän territoriýasynda öndürilýän nebit önümleriniň söwdasyndan «göni maliýe bähbitleri bar» diýdi.

Medwedew bu sözleri 25-nji noýabrda Ýekaterinburgda, Türkiýäniň harby howa güýçleri rus harby uçaryny türk-siriýa serhediniň boýunda urup ýykanyndan bir gün soň aýtdy.

Bu hadysada bir rus piloty öldürildi. Ikinji pilotyň tapylyp, Siriýadaky rus harby bazasyna iberilendigi aýdylýar.

Medwedew rus uçarynyň urlup ýykylmagy «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň goralmagyna barabar» diýdi.

Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirilendigini aýtdy we bilelikdäki proektleriň goýbolsun edilip, türk firmalarynyň rus bazaryndaky orunlaryny ýitirip biljegini duýdurdy.

Ankara rus uçarynyň türk howa serhedini gaýta-gaýta bozup, 10 gezek berlen duýduryşa jogap gaýtarmandygyny aýdýar.

Orsýet öz uçarynyň howa serhedini bozmandygyny aýdýar we Türkiýäniň Moskwadaky ilçisine berk protest bildirdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 25-nji noýabrda Türkiýä planlaşdyrylan saparyny goýbolsun etdi.

Soňky çykan habara görä, Orsýet özüniň kämilleşdirilen S-400 anti-uçar sistemasyny Siriýadaky harby bazasyna ýerleşdirmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG