Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» 15 adamy ýesir aldy


«Talyban» jeňçileri demirgazyk Owganystanda bolan dikuçar heläkçiliginden soň azyndan 15 adamy ýesir aldylar.

Ýerli resmiler üç adamyň ölümine getiren wakanyň 24-nji noýabrda, Farýab welaýatynda bolandygyny aýdýarlar.

Farýabdaky bir goşun ofiseriniň aýtmagyna görä, graždan dikuçary harby işgärleri gatnatmak üçin hakyna tutulypdyr.

Polisiýadaky bir çeşme ýesir alnanlaryň arasynda iki sany daşary ýurtly esgeriň hem bardygyny aýdýar.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Saýed Aga Andarabi dikuçaryň tehniki näsazlyk esasynda ýere ýykylandygyny aýdýar. Howpsuzlyk güýçleri adamlary halas etmek üçin operasiýa başlady.

«Talybanyň» ýerli resmisi «biz 15 adamy tutduk, eger goşun öz halas ediş operasiýasyny togtatmasa, olary öldüreris» diýdi.

XS
SM
MD
LG