Sepleriň elýeterliligi

Ymamyň türme möhleti uzaldyldy


Gyrgyz sudy täsirli dindaryň türme möhletini 5 ýyldan 10 ýyla çenli uzaltmak barada höküm çykardy.

Oş şäheriniň prokuraturasy 24-nji noýabrda regional garalawçynyň şikaýatyndan soň ymam Raşod Kori Kamalowyň bäş ýyllyk türme möhletine gaýtadan seredilendigini aýtdy.

Oş region sudy 7-nji oktýabrda Kamalowy dini agzalalygy öjükdirmekde we ekstremist materiallary ýaýratmakda günäli tapyp, 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Regionyň prokurory bu hökümiň «gowşak» bolandygyny aýdyp, şikaýat etdi.

37 ýaşyndaky Kamalow etniki özbek bolup, Karasuw etrabyndaky As-Sarahsi metjidiniň ymamydy. Ol özüniň bigünädigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG