Sepleriň elýeterliligi

Sentsow hökümi güýjünde galýar


Orsýetiň Ýokary sudy Ukrainanyň film režissýory Oleh Sentsowyň höküminiň güýjünde galdyrylýandygyny aýtdy.

Ol awgust aýynda terrorçylyk aýyplamalary esasynda 20 ýyl tussaglyga höküm edildi, halkara hukuk toparlary bu hökümiň syýasy sebäplidigini aýdýarlar.

TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, sud 24-nji noýabrda Sentsowyň aklawçysynyň we iş şärigi, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen aktiwist Oleksandr Kolçenkonyň şikaýatlaryny ret etdi.

Krym asylly Sentsow Orsýetiň 2014-nji ýylyň martynda ukrain ýarymadasyny anneksiýa etmegine garşy boldy.

Ol şol ýylyň maýynda Krymdaky orsýetçi guramalara garşy terror hüjümlerini planlaşdyrmakda güman edilip, tussag edildi. 39 ýaşyndaky Sentsow özüne bildirilen aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG