Sepleriň elýeterliligi

Kerri palestin hüjümlerini ýazgardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri palestinalylaryň ysraýyllylary nyşana alýan hüjümlerini «terrorizm hereketleri» hökmünde ýazgardy.

Ol 24-nji noýabrda, Ýerusalimde, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen gepleşikleriniň öňýanyndan çykyp gürledi.

"Adamlar hiç bir ýerde gündelik zorluk, köçe hüjümleri, pyçak, gaýçy, maşyn howpy astynda ýaşmaly däl» diýip, Kerri aýtdy.

Gazany dolandyrýan jeňçi topar Hamaz Kerriniň beýanaty «Ysraýylyň jenaýatlaryna we terrorçylygyna doly goldaw bolup durýar» diýdi.

Kerri Ramallada palestin häkimiýetiniň prezidenti bilen hem duşuşdy. Soňky hepdelerdäki gozgalaňlarda 19 ysraýylly, 90 çemesi palestinaly öldürildi.

XS
SM
MD
LG