Sepleriň elýeterliligi

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde dört güne çeken ätiýaçlyk ýapylyşyndan soň mekdepler, metro sistemasy gaýtadan açyldy.

Şäherdäki howpsuzlyk hüşgärligi 25-nji noýabrda hem ýokary bolmagynda, ýagny dördünji derejeli howpsuzlyk hüşgärliginde galdyryldy.

Mekdepleri goramak üçin 300 çemesi goşmaça polisiýa ofiseri ýerleşdirildi, metro sistemasynda bolsa 200 çemesi esger garawulçylyk edýär.

Şäheriň metro stansiýalarynyň ýarysyna golaýy ýapyklygyna galdyryldy. Muzeýler we beýleki jemgyýetçilik binalary hem gaýtadan açyldy.

21-nji noýabrda başlanan howpsuzlyk operasiýalary esasynda ýigrimi çemesi adam tutuldy, emma olaryň bäşisinden özgesi boşadyldy.

XS
SM
MD
LG