Sepleriň elýeterliligi

Siriýada anti-uçar sistemasy ýerleşdiriler


Orsýetiň prezidentiniň sözçüsi Dmitriý Peskow 25-nji noýabrda ýurduň Goranmak ministrliginiň Siriýadaky rus harby bazasynda kämilleşdirilen S-400 anti-uçar sistemasyny ýerleşdirmegi maslahat berendigini aýtdy.

Prezident Wladimir Putin bu işe ygtyýar berdi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu habar Türkiýe türk-siriýa serhediniň boýunda rus harby uçaryny urup ýykanyndan soň çykdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 24-nji noýabrda S-300 anti-uçar sistemasynyň deňiz görnüşiniň Ortaýer deňzindäki siriýa kenarlaryna eltiljegini aýtdy.

"Biz özümize howp döretmegi mümkin nyşanlaryň ählisiniň weýran ediljegini duýdurýarys» diýip, Orsýetiň baş ştabynyň resmisi Sergeý Rudskoý aýtdy.

XS
SM
MD
LG