Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2015-nji iň yssy ýyl boldy


BMG-niň Meteorologiýa guramasy 2015-nji ýylyň hasaba alnan iň yssy ýyl bolandygyny aýtdy.

Bu beýanat 25-nji noýabrda edildi we şu ýylyň adatdan daşary yssy bolup, 2014-nji ýylda bolan rekord derejedäki yssydan hem geçirendigi aýdyldy.

"Bu biziň planetamyz üçin erbet habar» diýip, BMG-niň Bütindünýä metreologiýa guramasynyň baş sekretary Mişel Jarraud aýtdy.

2014-nji ýyldaky rekord yssy dünýäde ortaça Selsiýa boýunça 14.57 gyzgynlyk derejesini görkezipdi. 2015-nji ýylda okean temperaturasy hem rekord derejä galdy.

30-njy noýabrda Parižde BMG-niň gurnaýan halkara klimat konferensiýasy geçirilýär. Oňa 140-dan gowrak döwletiň baştutany gatnaşmaly.

Pariž bu konferensiýa üçin 11 müň çemesi polisiýa ofiserini ýerleşdirmegi planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG