Sepleriň elýeterliligi

Baýhanow: Tussaglary rehimsiz urýarlar


Akmuhammet Baýhanow, Türkiýe, 2013

Akmuhammet Baýhanow, Türkiýe, 2013

Türkmen dissidenti Akmuhammet Baýhanow bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ençeme tussaghanasynda bolup, aman galan adamlardan biri.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Baýhanow türkmen häkimiýetleriniň oňa oppozisiýa lideri Awdy Kulyýew bilen Moskwada duşuşandygyny aýdyp, 2003-nji ýylyň tomsunda tussag edendiklerini we türkmen sudunyň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň jenaýatçylyk barada habar ýetirmezlik ýa-da ony ýaşyrmak boýunça 210-njy maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda höküm çykarandygyny gürrüň berdi.

Akmuhammet Baýhanow Türkmenistanyň türkmelerinde öz başyndan geçiren ýagdaýlary barada gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG