Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe 'duýduryş audiosyny' çap edýär


Türk harbylary Siriýa serhediniň golaýynda urlup ýykylan rus uçaryna berlen duýduryşyň audio ýazgysyny çap etdi.

Ýazgyda iňlis dilinde «Ugruňy derhal günorta tarap üýtget» diýen ses eşidilýär. Bu sözler birnäçe gezek gaýtalanýar.

Orsýetiň türk-siriýa serhedinde urlup ýykylan uçaryndan aman galan piloty özleriniň hiç bir duýduryş almandyklaryny aýtdy.

Konstantin Murahtin 24-nji noýabr hadysasyndan bäri beren ilkinji interwýusynda, 25-nji noýabrda rus mediasyna ol ýerde uçar türk söweş uçary tarapyndan urlup ýykylmazdan öň «hiç hili kontakt» bolmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG