Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Hassahana hüjümi "betbagtçylyk"


General Jon Kampbel

General Jon Kampbel

Owganystanda fransuz sahawatçylyk guramasy - «Serhetsiz lukmanlar» tarapyndan işledilýän hassahana edilen ganly hüjümiň derňewi onuň esasan adam ýalňyşlygy esasynda bolan «betbagtçylykdygyny» görkezdi diýip, amerikan resmisi aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goşun generaly, Owganystandaky amerikan we halkara güýçleriniň komandiri Jon Kampbel 25-nji noýabrda Waşingtonda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, 3-nji oktýabrda Gunduzdaky hassahana edilen hüjümiň «bilkastdan» edilen iş bolmandygyny aýtdy.

Bu hüjüm netijesinde azyndan 30 adam öldürilipdi. «Bu bir betbagtçylykly ýalňyşlyk. ABŞ güýçleri hiç wagtda bilkastdan hassahanany ýa-da beýleki goralýan desgalary urmaz» diýip, Kampbel aýtdy.

ABŞ-nyň derňewiniň netijelerini gürrüň bermek bilen, general bu iş bilen ýakyndan bagly şahslaryň öz wezipelerinden çetleşdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG