Sepleriň elýeterliligi

Orsýet türk importyna gözegçiligi berkidýär


Rus hökümeti özüniň oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygy baradaky gullugyna Türkiýeden gelýän oba hojalyk önümlerine edilýän gözegçiligi berkitmegi buýurdy.

Aýdylmagyna görä, bu buýruk türk önüm öndürijileriniň rus ölçeglerini gaýta-gaýta bozýandygy üçin berildi.

Oba hojalyk ministri Aleksandr Tkaçew 26-njy noýabrda türk harytlarynyň serhetden geçirilýän ýerlerinde goşmaça barlagçylaryň goýuljagyny yglan etdi.

Bu çäre rus harby uçarynyň türk-siriýa serhedinde urlup ýykylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG