Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde Russiýa Federasiýasynyň ilkinji prezidenti Boris Ýeltsine bagyşlanan täze merkez açyldy.

25-nji noýabrda Ural regionyň Ýekaterinburg şäherinde açylan Ýeltsin Prezident merkeziniň dabarasyna prezident Wladimir Putin, premýer-ministr Dmitriý Medwedew dagy hem gatnaşdy.

Bu dabara häzirki dünýä liderleri hem çagyryldy. Emma olaryň näçesiniň gelip bilendigi aýdyň däl.

Merkeziň binasyny gurmak 50 çemesi syýasatçy, hususy we döwlet kompaniýalary tarapyndan maliýeleşdirildi.

Ýeltsin 1991-99-njy ýyllarda Orsýete prezidentlik etdi, 2007-nji ýylda, 76 ýaşynda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG