Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýollary "ilaty kösemän giňeltmeli"


Aşgabat, bejerilýän köçe.
Aşgabat, bejerilýän köçe.

Türkmen metbugaty Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow prospektiniň täzeden gurlan böleginiň doly ulanylmaga berlendigini habar berýär.

Aýdylmagyna görä, bu prospekt türkmen gurluşykçylarynyň tagallasy bilen abadanlaşdyrylyp, transport hereketi, ýolagçylar, pyýadalar üçin ullakan amatlylyklary döredipdir.

Şol bir wagtda ýurt içinden paýtagtdaky we regionlardaky ýollarda käte ýolagçylar üçin howply ýagdaýlaryň emele gelýändigi, hatda gurluşyklaryň, abadanlaşdyryş işleriniň hem ilat üçin goşmaça kynçylyklary döredýändigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Azatlyk radiosy Aşgabatda täze ulanmaga berlen ýol bilen baglylykda paýtagtdaky abadanlaşdyryş işleri we ilatyň amatlylyklary barada ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:54 0:00

XS
SM
MD
LG