Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa S-400 anti-uçar sistemasyny eltdi


Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habar gullugynyň maglumatyna görä, kämilleşdirilen S-400 anti-uçar sistemasy Orsýetiň Siriýadaky harby bazasyna ýerleşdirildi.

Türkiýe 24-nji noýabrda rus uçaryny türk-siriýa serhedinde urup ýykanyndan soň, Orsýet kämilleşdirilen ýer-asman raketa sistemasyny Siriýada ýerleşdirjegini yglan etdi.

Bu sistema, aýdylmagyna görä, Türkiýeden 50 km çemesi uzaklykdaky Latakiýa welaýatynda ýerleşdirildi. Ol 400 km uzaklykdaky nyşanalary urup bilýär.

XS
SM
MD
LG