Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wi-Fi-dan 100 esse ýokary tizlikli Li-Fi


Li-Fi
Li-Fi

Estoniýanyň “Welmenni” şereketi ofis-edaralarda Li-Fi tehnologiýasyny synagdan geçirdi.

Gürrüňi edilýän kompaniýa bu tehnologiýa arkaly internet tizliginiň 1 Qbit/sekunda ýetendigini mälim etdi. Bu Wi-Fi ulgamynyň tizliginiň orta statistikasy bilen deňeşdirilende 100 esse ýokary diýmegi aňladýar.

Li-Fi ulgamynyň üstünde 2011-nji ýylda işlenip başlanypdy.

Bellenilmegine görä, bu ulgamda maglumatlar nanosekuntlaryň dowamynda LED yşyklaryna geçirilýär. Bu tehnologiýanyň ýeke täk kemçiligi, onuň yşyk şöhleleri Wi-Fi ulgamynyňky ýaly diwarlardan geçmeýär. Muňa garamazdan, bu faktor ulgamyň has howpsuzdygyny aňladýar.

“Welmenni” kompaniýasynyň direktory Deepak Solankiniň sözlerine görä, bu tehnologiýa öňümizdäki 3-4 ýylyň dowamynda ulanyşa beriler.

XS
SM
MD
LG