Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB 'Demirgazyk akyma' garşy


Ýewropa Bileleşiginiň esasan gündogar ýurtlarynyň 10 hökümetiniň beýannamasynda Orsýetiň Germaniýa bilen tebigy gaz söwdasyny atdyrmak planlaryndan şikaýat edilýär we munuň ÝB-niň bähbitlerine ters gelýändigi hem Ukrainany durnuksyzlandyrmak howpuna täsir ýetirýändigi aýdylýar.

26-njy noýabrda ýazylan we Polşa, Bolgariýa, Çehiýa Respublikasy, Slowakiýa, Wengriýa, Rumyniýa, Gresiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa tarapyndan gol çekilen hat “Demirgazyk akym II” proýekti barada Ýewropa Bileleşiginiň sammit derejesinde diskussiýa geçirmegine çagyryş edilýär.

Sentýabrda aýynda ýewropaly kompaniýalaryň ençemesi Germaniýa tarap Ukrainanyň üstünden geçmeýän “Demirgazyk akym II” proýektini ýaýbaňlandyrmak barada Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdylar.

25-nji noýabrda “Gazprom” Ukraina gaz akdyrmagyny bes etjekdigini yglan etdi. Kiýew başga ýerden has arzan gaz satyn aljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG