Sepleriň elýeterliligi

Pakistanly ministr hüjümde aman galdy


Hyber Pahtunkhwa welaýatynyň Bannu etrabynda bomba partlamasynyň bolan ýeri, 26-njy noýabr, 2015.

Hyber Pahtunkhwa welaýatynyň Bannu etrabynda bomba partlamasynyň bolan ýeri, 26-njy noýabr, 2015.

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda hökümet agzasyna garşy edilen bombaly hüjümde azyndan iki adam wepat boldy, ministriň özi aman galdy.

Pakistanyň jaý we zähmet boýunça federal ministri Akram Hana garşy bu hüjüm 26-njy noýabrda, ol Hyber Pahtunkhwa welaýatynyň Bannu etrabyna syýahat eden wagtynda amala aşyryldy.

Polisiýa saglyk departamentiniň iki agzasynyň öldürilendigini AÝ/AR-na habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Durrani “Jamiat Ulema-e-Islam-Fazl” (JUI-F) syýasy partiýasynyň lideri we “Muttahaida-Majils-e-Amal” dini bileleşiginiň tanymal agzasy.

Şeýle-de Durrani Hyber Pahtukhwa welaýatynyň baş ministri wezipesini ýerine ýetiripdi.

XS
SM
MD
LG