Sepleriň elýeterliligi

Azeri ýaşululary zorlugy derňemäge çagyrdylar


Nardaran obasyndaky protestler, Baku, 26-njy noýabr, 2015.

Nardaran obasyndaky protestler, Baku, 26-njy noýabr, 2015.

27-nji noýabrda Bakunyň etegindäki obanyň ýaşululary bu ýerde polisiýanyň zorluga öwrülen reýdiniň ertesi häkimiýetler bilen gepleşiklere çagyrdylar.

Ýaşulular 26-njy noýabrda Nardaran obasynda bolan wakany derňemegi soradylar.

Azerbaýjanyň häkimiýetleri iki polisiýa ofiseriniň we söweşiji bolmakda güman edilýän dört adamyň Içeri işler ministrligi tarapyndan “jenaýatçy topara” garşy reýd diýip atlandyran çäräniň netijesinde ölendigini habar berdi.

26-njy noýabrda Bakunyň etegindäki Nardaran etrabynda geçirilen reýdiň dowamynda azyndan 14 adam, şol sanda toparyň lideri Taleh Bagirzade tussag edilipdir.

Içeri işler ministrliginiň we Baş prokuraturanyň aýtmagyna görä, Bagirzade “Musulman birligi” atly topara ýolbaşçylyk edipdir. Resmiler bu toparyň “köpçülikleýin çaknyşyklary we terrorçylykly hüjümleri” arkaly diniň arkasyna bukulyp, ýurdy “durnuksyzlandyrmagy planlaşdyrandygyny” aýtdylar.

Esasan şaýy musulmanlaryň ýaşaýan etrabynyň ýaşaýjylary adam pidalarynyň “ençeme dinçiniň” tussag edilmeginiň döreden zorlukly protestleriň netijesinde bolandygyny AÝ/AR-na aýtdylar.

XS
SM
MD
LG