Sepleriň elýeterliligi

Parižde ýapyk matam çäresi geçirildi


Parižde bolan terrorçylykly hüjümleriň pidalarynyň hatyrasyna harby muzeýde 2000 çemesi adamyň gatnaşmagynda çäräniň geçirilýän wagtynda köçeleriň jaýlarynda Fransiýanyň baýdaklary asyldy.

27-nji noýabrda geçirilen bu ýapyk dabarada Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland döwlet gimniniň berjaý edilmeginden soň dymyşlyk pursadyny yglan etdi.

Pidalaryň maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede 130 adamyň atlary oklady. Bu adamlar “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň milli stadiona, konsert zalyna we birnäçe restorana eden hüjümleriniň netijesinde wepat boldy.

XS
SM
MD
LG