Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Fransiýa 'YD' garşy işleşmekçi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen duşuşýar, Moskwa, 26-njy noýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen duşuşýar, Moskwa, 26-njy noýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň Fransiýa we Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bilen hyzmatdaşlyga ýykgyn edýändigini aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen 26-njy noýabrda Kremlde geçiren gepleşikleriniň yzýany Putin iki ýurduň Siriýa boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Putin Türkiýäniň orsýet uçaryny urup gaçyrmagyny dönüklik hereketi, diýip atlandyrdy.

Hollande iki ýurduň diňe “Yslam döwleti” toparyny we beýleki ekstremist toparlary nyşana almak barada ylalaşandyklaryny mälim etdi. Şol bir wagtda-da Fransiýa Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň parahatçylyk ugrundaky prosesiň çäginde häkimiýet başyndan çekilmelidigini aýdýar.

Assadyň ýarany Orsýet şeýle çagyryşlary ret edýär.

Günbatar Orsýeti Assadyň režimine garşy söweşýän we Günbatar tarapyndan goldanýan, şol sanda “YD” toparyna garşy söweşýän gozgalaňçylara hüjüm etmekde aýyplaýar.

Hollande Fransiýanyň Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän gozgalaňçylara goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG