Sepleriň elýeterliligi

Ýaşulular gepleşiklere çagyrýar


Tale Bagirzade, Baku, 2013

Tale Bagirzade, Baku, 2013

Bakuwyň golaýyndaky Nardaran obaçylygynyň ýaşululary öz obalaryna geçirilen polisiýa reýdi zorluga ýazanyndan bir gün soň häkimiýetleri gepleşiklere çagyrdylar.

Ýaşulular 26-njy noýabrda Nardaranda bolan wakanyň derňelmegini talap edýrler. Şeýle-de olar bu zorlukda ýerli şaýy musulmanlaryndan öldürilen adamlaryň jesetleriniň berilmegini soraýarlar.

Bakuwyň 25 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Nardaran obasynda 26-njy noýabrda bolan zorlukly protestde ýerli şaýy musulmanlaryndan azyndan dört adam, polisiýadan bolsa iki ofiser öldürildi.

Şu aralykda Nardaranyň ýaş erkekleri gije oba ýaşaýjylaryny toplap, 27-nji noýabrda oba girilýän ýerde daşdan barrikada galdyrdylar.

Habarlara görä, 27-nji noýabr güni irden obanyň daşynda polisiýa güýçleri ýerleşdirildi.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi reýd mahalynda güman edilýän dört sany jeňçiniň öldürilendigini, olaryň «jenaýatçy toparyň» agzasy bolandygyny we ýurtda terror hüjümlerini planlaşdyrandygyny aýtdy.

14 adam, şol sanda täsirli dindar Tale Bagirzade we onuň ýanwar aýynda esaslandyran «Musulman agzybirligi» hereketiniň ýene üç agzasy tussag edildi.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi bilen Baş prokuraturasynyň bilelikde çap eden beýanatynda Bagirzadäniň Elmar Agaýew, Zulfikar Mikailow we Abulfaz

Bunýatow dagy bilen bilelikde, ýurtdaky konstitusiýa düzgünini agdarmak maksady bilen, «Musulman agzybirligi» hereketini döredendigi aýdylýar.

Olaryň Bakuwda we ýurduň beýleki böleklerinde özlerine goldawçy toplap, olary dürli görnüşdäki ýarag bilen üpjün edendikleri aýdylýar. Şeýle-de olaryň ilaty häkimiýetlere garşy zorlukly gozgalaňa galdyrmak üçin Nardaranda «bikanun duşuşyk» geçirendiklerini aýdýarlar.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, bu tussag etmeler «dini perde astynda hereket edýän we sosial-syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga, köpçülikleýin bidüzgünçilik we terrorçylyk hereketlerini gurnamaga çalyşýan ýaragly topary bitaraplaşdyrmak üçin» amala aşyrylypdyr.

Şeýle-de beýanatda reýd mahalynda bu toparyň agzalarynyň polisiýa ofiserlerine tarap awtomatiki ýaraglardan ok atyp, grnat zyňandyklary aýdylýar.

Aglabasy şaýy musulmanlaryndan durýan obanyň adamlary Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugyna adam heläkçilikleriniň polisiýa «birnäçe dindary» tussag etmäge synananda turan zorlukly protestler netijesinde bolandygyny gürrüň berdiler.

Bagirzade Azerbaýjanyň dolandyryjy režiminiň tankytçysy we prezident Ylham Alyýewi zalym hökmünde ýazgardy.

Emma ol Azerbaýjanda şerigat kanunyny girizmegi wagyz etmedi.
Bagirzade 2011-nji ýylyň maýynda hökümetiň ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň çadyra geýmegini gadagan etmegine garşy guralan proteste gatnaşandygy üçin tussag edildi.

Soňy bilen ol «bozgaklykda» we «polisiýanyň tussag etmegine garşylyk görkezmekde» aýyplanyp, 18 aý tussaglyga höküm edildi.

Azerbaýjanyň adam hukuklaryny goraýan aktiwistleri ony «wyždan ýesiri» diýip atlandyrdylar.

Ol 2013-nji ýylyň martynda, bir dabarada «dindar zulumkäre garşy protestde sesini gatalmakdan gorkmaly däldir» diýeninden birnäçe gün soň tussag edildi.

2013-nji ýylyň noýabrynda ol ýarag saklamak diýilýände aýyplanyp, iki ýyl tussaglyga höküm edildi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG