Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: žurnalistler üçin protest geçirilýär


Türkiýede ýüzlerçe adam öňdebaryjy oppozisiýa gazetiniň iki žurnalistiniň içalyçylykda aýyplanmagyna garşy protest demonstrasiýasyna çykdy.

Olar Ankaranyň Siriýadaky pitneçilere ýarag ýüküni iberendigi barada çap eden habarlary üçin aýyplanýar.

Türkiýäniň «Cumhuriyet» gazetiniň baş redaktory Jan Dündar we gazetiň Ankaradaky habarçysy Erdem Gul 26-njy noýabrda tussag edildi.

Müňden gowrak demonstrasiýaçy, şol sanda žurnalistler we oppozisiýadaky halk wekilleri «Cumhuriyet» gazetiniň Stambuldaky edarasynyň daş işigine toplandy.

Iki žurnalist terror toparyna meýletin kömek etmekde we maý aýynda çap eden makalalarynda «döwlet syrlaryny paş etmekde» aýyplandy.

Bu makala Türkiýede syýasy tupan turuzdy we prezident Rejep Taýyp Erdogan ar almagy wada berdi.

«Cumhuriyýet» gazetiniň habarçysy Duýgu Güwenç anna güni Ankarada «Roýters» habar gullugy bilen söhbetdeşlikde tussag edilen kärdeşleri barada söz açyp, şeýle diýdi:

«Men erbet duýgulary başdan geçirýärin, umytsyzlyk duýýaryn, emma men ýan bermerin. Olar bizi gorkuzmak isleýär. Olar bizi, ýazmaz ýaly, syrlary, olaryň syrlaryny ile ýetirmez ýaly gorkuzmaga çalyşýarlar. Emma biz soňuna çenli dowam ederis. Olar bizi tussag edip bilerler.»

Türkiýe pitneçileri ýaraglandyrýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

Bu waka Ýewropa Bileleşigine goşulmak isleýän Türkiýede media azatlygy babatda edilýän aladalaryň çuňlaşýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG