Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada 21 adam öldürildi


Nigeriýada janyndan geçen bombaçy azyndan 21 adamy öldürdi, onlarça adamy bolsa ýaralady.

27-nji noýabrda şaýy musulmanlarynyň ýüzlerçesiniň gatnaşmagynda guralan dini çäräni nyşana alan hüjüm «Boko haram» ekstremist toparyndan görülýär.

Bu hüjüm Nigeriýanyň ikinji uly şäheri bolan Kanodan gadymy yslam şäheri bolan Zaria ýyllyk Arbin ýörişi geçirilýän mahalynda edildi.

Ikinji bombaçy özüni partlatmanka tutuldy we sorag edilýär.

Halkara günä geçiş guramasynyň maglumatyna görä, «Boko haram» alty ýyllyk gozgalaňda 20 müň adamy öldürdi, 2.3 million adamy bolsa ýaşaýan ýerinden gaçmaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG