Sepleriň elýeterliligi

Alty çaga gark boldy


Türk mediasy Türkiýeden Gresiýa bosgun getirýän iki gämi Egeý deňzinde çökende, alty çaganyň heläk bolandygyny habar berýär.

55 töweregi siriýalyny we owgan bosgunlaryny getirýän ilkinji gämi Türkiýäniň Aýwajik şäheriniň golaýynda çöküpdir.

20 adamy getirýän ikinji gämi bolsa Bodurym şäheriniň kenarlarynda agdarylypdyr.

Türkiýe Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan gaçyp, günbatar Ýewropa aşmaga çalyşýan bosgunlaryň esasy tranzit ýoly boldy.

BMG-niň maglumatyna görä, şu ýyl Ortaýer deňzinden Ýewropa 875 müň çemesi bosgun geçdi. Birnäçe müň bosgun bolsa, Türkiýeden Ýewropa geçjek bolanda gark boldy.

XS
SM
MD
LG