Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa 30 pakistanlyny deportasiýa etdi


Norwegiýa gaçybatalga soraýan 30 çemesi pakistanlyny deportasiýa etdi.

Yslamabatdaky norweg ilçihanasy pakistanly gaçybatalga soraýjylaryň soňky birnäçe hepdede yzyna iberilendigini aýtdy.

Norwegiýanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň immigrasiýa bölüminiň sözçüsi Torben Eskelund 27-nji noýabrda Azatlyk radiosyna arzalara seredilmegi netijesinde deportasiýa edilýänleriň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny habar berdi.

Eskelund şu ýyl Norwegiýadan gaçybatalga almak üçin 400-den gowrak pakistanlynyň ýüz tutandygyny aýtdy. Olaryň 300-den gowragynyň Norwegiýa Orsýetiň üstünden gelendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG