Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 17 jeňçini öldürdi


Pakistanyň owgan serhediniň golaýyna uran howa zarbalarynda 17 sany güman edilýän jeňçi öldürildi.

Pakistnyň goşuny 27-nji noýabrda eden beýanatynda Haýber tire sebitindäki Rajgal etrabynyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Harbylar öldürilenleriň arasynda daşary ýurtlularyň hem bardygyny aýtdy.

Bu zarbalar geçen ýyl Demirgazyk Waziristana, Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän ýedi tire sebitiniň birine başlanan hüjümiň bir bölegidir.

Bu ýerdäki konflikt zonasyna žurnalistler baryp bilmeýär we şu sebäpden goşunyň aýdýan zatlaryny, öldürilenleriň sanyny, şahsyýetlerini tassyklamak kyn bolýar.

XS
SM
MD
LG