Sepleriň elýeterliligi

Putin Türkiýä garşy sanksiýalary buýurýar


Yslama tarapdar demonstrasiýaçylar Siriýanyň oppozisiýa baýdagyny galdyryp, Orsýete protest bildirýärler. Stambul, 27-nji noýabr, 2015.

Yslama tarapdar demonstrasiýaçylar Siriýanyň oppozisiýa baýdagyny galdyryp, Orsýete protest bildirýärler. Stambul, 27-nji noýabr, 2015.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 24-nji noýabrda Siriýanyň serhediniň golaýynda urlup ýykylan rus harby uçary sebäpli, Türkiýä garşy ykdysady sanksiýalary girizmegi buýurdy.

Kremliň websaýtynda 28-nji noýabrda çap edilen karar Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň rus söweş uçarynyň türk güýçleri tarapyndan urlup ýykylmagyna gynanjyny bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Erdogan 28-nji noýabrda öz tarapdarlaryna ýüzlenip, gynanjyny beýan etmezinden öň Türkiýäniň gören çäresini gorady we Orsýeti Siriýadaky hereketleri sebäpli tankyt etdi.

Gadaganlyk karary käbir harytlary, şol sanda Orsýetde işleýän türk raýatlary bilen baglaşylan şertnamalaryň uzaldylmazlygyny öz içine alýar. Emma haýsy harytlaryň gadagan ediljekdigi agzalmaýar.

Çäreler toplumy Orsýetden Türkiýä gurnalýan çarter reýsleriň bes edilmegine çagyrylýar, rus syýahatçylyk işgärleriniň Türkiýä – rus raýatlarynyň arzyly dynç alyş menzillerine putýowka satmagyny gadagan edýär.

Biraz öň Türkiýe biraz öň öz raýatlarynyň gaty zerur bolmasa Orsýete syýahat etmekden saklanmagyny ündäp, syýahat duýduryşyny çap etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bu duýduryşyň türk syýahatçylarynyň Orsýetde «problemalar» bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy üçin berlendigini aýtdy. Ol duýduryşda syýahatyň «ýagdaýlar aýdyňlaşýança» soňa goýulmagy maslahat berilýär.

Wizasyz gatnaw togtadylar

Orsýet 27-nji noýabrda Türkiýe bilen aralykdaky wizasyz gatnaşyk düzgünini ýatyrjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 27-nji noýabrda Moskwa 1-nji ýanwardap başlap özüniň Türkiýe bilen aradaky wizasyz syýahat düzgünini togtadar diýdi.

Lawrow bu çäräni düşündirip, Türkiýäniň terrorçylyk ötügine öwrülendigini, Moskwanyň terror hereketlerine goşulmakda aýyplanan rus raýatlaryna yzarlamak işine az kömek berendigini aýtdy.

Türkiýäniň 24-nji noýabrda Siriýanyň serhediniň golaýynda rus harby uçaryny urup ýykmagy Moskwany berk gaýtawul bermäge itekledi. Bu ýagdaý ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýadaky «Yslam döwleti» toparyna garşy alnyp barylýan söweşe goldawy köpeltmäge çalyşýan Günbatar üçin päsgelçilik döretdi.

Siriýanyň bäş ýyla golaýlan raýat urşy Orsýetiň prezident Başar al-Assady goramak üçin urýan howa zarbalary bilen has-da çylşyrymlaşdy.

Orsýet söweş uçary urlup ýykylaly bäri turist syýahatçylygyny çäklendirdi, türk ýük uçarlary serhetde bökdelip galdy we Moskwa has giň ykdysady sanksiýalary taýýarlamaga başlady.

Orsýetiň Oba hojalyk ministrligi eýýämden türkiýeden getirilýän azyk we oba hojalyk önümleriniň barlagyny güýçlendirdi we bu ik ýurduň arasyndaky söwdanyň ilkinji görnetin çäklenme alamaty boldy.

«Roýters» habar gullugyna elýeterli bolan hata görä, Orsýetiň goranyş zawodlarynyň birleşigi öz agzalaryna Türkiýeden material almagy togtatmagy maslahat berdi. Bu birleşige Kalaşnikow awtomatlaryny, Armata tanklaryny, Buk raketa sistemalaryny öndürýän zawodlar hem girýär. Bu ýagdaý ýüzlerçe million dollarlyk şertnamalara öz täsirini ýetirip biler.

Türk hökümetiniň sözçüsi Numan Kurtulmus 27-nji noýabrda Türkiýäniň Ministrler geňeşiniň Ankaranyň görüp biljek çärelerini maslahat edendigini aýtdy. Emma ol bu ýagdaýyň uzaga çekmejegine umyt baglady.

Türkiýäniň prezidenti Rejep taýyp Erdogan 27-nji noýabrda türk biznesmenleriniň Orsýetde tussag edilendigi baradaky habarlara salgylanyp, Orsýete «ot bilen oýnamazlyk» duýduryşyny berdi.

Erdogan Türkiýäniň howa serhedini bozandygy üçin Moskwanyň jogap bermelidigini aýdyp, rus uçarynyň urlup ýykylandygy üçin ötünç soramakdan ýüz öwürdi.

Şol bir wagtda Erdogan bu ganly hadysadan bäri rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşmäge synanyşandygyny, emma munuň başa barmandygyny, emma özleriniň 30-njy noýabrda, Parižde geçiriljek klimat sammiti mahalynda duşuşyp biljegine umyt bildirdi.

Bu hadysa «howa giňişliginiň bozulmagyna berlen awtomatiki jogap» diýip, türk prezidenti Erdogan 27-nji noýabrda sözlän sözünde aýtdy.

Ankara rus uçarynyň Türkiýäniň howa giňişligine girendigini we gaýta-gaýta berlen duýduryşa gulak asmandygyny aýdýar, emma Moskwa türk güýçleriniň ol uçary Siriýanyň asmanynda, duýduryş bermän oka tutandygyny aýdýar.

Putin Ankarany «planlaşdyrylan prowokasiýada» we «arkadan haýynlarça pyçak urmakda» aýyplady.

Putin Siriýada, Türkiýäniň günorta serhedinden 50 km-de ýerleşýän rus bazasynda, rus söweş uçarlaryny goramak üçin, S-400 howa gorag sistemasyny ýerleşdirmegi buýurdy.

Şeýle-de, rus harbylary, söweş missiýasyndaky rus uçarlaryna goragy güýçlendirmek üçin, Moskwa raketa kreýserini kenara golaýlatdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG