Sepleriň elýeterliligi

Ýapon, hytaý dillerini öwrenmek 'çynyrgaýar'


Aşgabatly okuwçylar

Aşgabatly okuwçylar

Türkmenistan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary boýunça, mekdep okuwçylaryna we ýokary okuw jaýlarynyň zerur hasaplanan studentlerine hytaý we ýapon dillerini öwretmek üçin anyk çäreleriň görülýändigini habar berýär.

Şol bir wagtda ýurtda döwlet dili bolan türkmen dili babatdaky meseleleriň saklanyp galýandygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Aşgabatda anna güni geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, 2016-2017-nji okuw ýyllarynda Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň programmasyna ýapon we hytaý dillerini öwrenmek boýunça ýörite sapaklar giriziler.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Aşgabadyň 6, Balkan welaýatynyň 5, Lebap welaýatynyň 3, Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň her birinde iki orta mekdepde hytaý we ýapon dilleri sapaklarynyň girizilýändigini aýdýar.

Bulardan başga, indiden eýläk ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem hytaý, ýapon dillerini öwrenmäge aýratyn üns beriljekdigi aýdylýar.

Mysal üçin, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň studentleri eýýäm hytaý dilini öwrenmäge girişdiler diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Dünýä ykdysadyýeti, dünýä maliýe bazary, halkara maglumat işewürligi ýaly hünärleri öwrenýän studentleriň okuw programmalaryna, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem ýapon, hytaý dilleri boýunça sapaklary girizmek nazarda tutulýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem hytaý, ýapon dillerini öwretmek işini güýçlendirer. Ýagny bu institutda halkara nebit we gaz uniwersitetinden iki topar hytaý we ýapon dillerini öwrenmäge girişer.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda bolsa, şu ýyl açylan gämi gurluşygy hünäri boýunça bilim alýan studentler ýapon we hytaý dillerinden goşmaça sapak alyp başlady diýip, habarda aýdylýar.

Bulardan başga, ýapon dilini suw we howa ulaglarynyň ulanylýan ugurlarynda işlejek hünärmenlere hem öwretmek nazarda tutulýar.

Gelýän okuw ýylyndan başlap Halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty ugrundan okaýan studentlere hem ýapon dilini öwredip başlamak plany düzülýär diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

Resmi maglumata görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda açylan hytaý dili we edebiýaty bölümini tamamlan ýaşlar häzir ýurduň dürli künjeklerinde öz ugurlary boýunça zähmet çekýärler.

Täze dil sapaklary üçin okuw kitaplaryny we sözlükleri taýýarlamak, hytaý we ýapon dillerini öwrenýänler we ýaş mugallymlar üçin gysga wagtlyk okuw kurslaryny açmak hem nazarda tutulýar.

Emma hökümet maslahatynda täze dil sapaklaryny ýola goýmak we ýapon hem hytaý dillerini öwrenmekde netijeliligi gazanmak, kadrlary taýýarlamak we ýetişdirmek, okuw gollanmalaryny, sözlükleri neşir etmek üçin näçe serişdäniň goýberilýändigi, bu täze proýekt boýunça goşmaça näçe iş ýeriniň dörediljekdigi aýdylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda döwlet dili bolan Türkmen diliniň sözlügini neşir etmegiň hem örän uzak süýrenjeňlige salnandygy barada köp gürrüň edildi.

Munuň üstesine, 2011-nji ýylda umumy bilim berýän orta mekdeplerde türkmen dili we matematika sapaklary boýunça hem okuw sagatlary azaldylypdy.

Ikinji tarapdan, ýurt içinden gelip gowuşýan habarlardan çen tutulsa, türkmen mekdeplerinde ozaldan dowam edýän sapaklar, şol sanda türkmen dili boýunça hem mugallym ýetmezçiligi uly mesele bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG