Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowa medal berildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara Türk medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medaly bilen sylaglandy.

Türkmen mediasy Türksoýyň baş direktory Dýusen Kaseýinowyň prezident Berdimuhamedowa bu medaly Ministrler kabinetiniň anna güni geçen maslahatynda gowşurandygyny habar berýär.

Kaseinow türkmen prezidentine doganlyk halklaryň özara gatnaşyklaryna, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine, dostluk we döredijilik gatnaşyklarynyň berkemegine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildiripdir.

XS
SM
MD
LG