Sepleriň elýeterliligi

Makedon serhedinde çaknyşyk boldy


Gresiýadan Makedoniýa geçmäge synanyşýan migrantlar topary 28-nji noýabrda polisiýa ofiserlerini daşlap, olaryň birnäçesini ýaralady.

Hökümet sözçüsi Aleksandar Gjorgjew ýagdaýyň öýleden soň kadalaşandygyny aýtdy.

Makedoniýanyň içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gysgaça çaknyşyk mahalynda 18 ofiser ýaralanypdyr. Ofiserleriň ikisi golaýdaky Gewgelija şäheriniň hassahanasyna iberilipdir.

«Associated Press» habar gullugy Makedoniýanyň polisiýasynyň migrantlary ses granatlaryna we rezin okalara tutandygyny habar berýär.

«Serhetsiz lukmanlar» guramasy we beýleki HAG-lar özleriniň kellesinden ýaralanan we dem almak kynçylygyna uçran 20 migranty bejerendiklerini aýdýarlar.

Dartgynlylyk makedon goşuny 27-nji noýabrda ýurduň Gresiýa bilen serhedinde üç metr belentlikde haýat guramaga başlanyndan soň güýçlendi.

XS
SM
MD
LG