Sepleriň elýeterliligi

Kosowada oppozisiýa lideri tutuldy


Kosowanyň polisiýasy 28-nji noýabrda Öz ykbalyňy kesgitlemek hereketi partiýasynyň onlarça agzasyny, şol sanda onuň öňdebaryjy liderlerini tussag etdi.

Ýurduň parlamentinde eden zorlukly hereketleri üçin gözlenilýän Albin Kurti we beýleki 86 adam Öz ykbalyňy kesgitlemek hereketi partiýasynyň edarasynda, olaryň onlarça müň goldawçysy hökümetiň Serbiýa we Montegro bilen baglaşan ylalaşygyna garşy parahatçylykly protest geçireninden soň tussag edildi.

Oppozisiýa hökümetiň bu ylalaşykdan çykmagyny isleýär. Oppozision deputatlar soňky üç aýda parlamentde burçly suwuklyk, göz ýaşardyjy gaz, suwly gaplar bilen sessiýanyň arasyny böldüler.

Kurti demonstrasiýada çykyş edip, partiýanyň baş edarasyna gaýdyp gelýärkä polisiýa tarapyndan gabaldy we tussag edildi.

Polisiýa partiýanyň edarasyna kürsäp girende, özlerini eline gelen zat, şol sanda oturgyçlar bilen urup garşylan adamlar bilen çaknyşdy we iki ofiser ýaralandy.

XS
SM
MD
LG