Sepleriň elýeterliligi

Yrakda köpçülik mazarlygy tapyldy


Demirgazyk Yrakda «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri tarapyndan öldürilen 120-den gowrak adamyň jaýlanan ýerleri tapyldy.

Golaýda YD jeňçilerinden yzyna alnan Sinjar şäheriniň golaýynda alty mazarlyk tapyldy diýip, bu etraba jogap berýän resmi Mahma Halil AFP-ä aýtdy.

Pidalaryň jezalandyrylyp öldürilmegine şaýat bolanlaryň sanawy esasynda, bu mazarlyklarda 123 adam jaýlanypdyr.

Sinjaryň 10 km günbatarynda ýerleşýän mazarlyklar entek gazylanok, emma käbir jesetler ýagyş suwy zerarly ýüze çykypdyr.

Bu şu wagta çenli tapylan iň uly köpçülik mazarlygy diýip, Sinjaryň häkimi Mahma Halil BBS-ä aýtdy.

XS
SM
MD
LG