Sepleriň elýeterliligi

Ýerusalim: Pyçakly hüjümçi öldürildi


Palestin erkegi Ýerusalimde, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilmezinden öň, polisiýa ofiserini pyçaklady.

Bu waka 29-njy noýabrda, Köne şäheriň derwezesiniň golaýynda boldy. Ysraýyl polisiýasynyň maglumatyna görä, ofisere düşen ýara aram derejede.

Bu iki aýlyk zorluk tolkunynyň soňky hüjümidir. Sentýabryň ortasyndan bäri palestinalylaryň hüjümleri netijesinde, köplenç pyçaklanmak we tüpeňlenmek bilen, azyndan 19 ysraýylly öldürildi.

Palestinalylardan bolsa, azyndan 96 adam öldürildi, Ysraýyl olaryň 60-synyň hüjümçi bolandygyny aýdýar. Beýlekiler ysraýyl güýçleri bilen çaknyşykda öldürildi.

Ysraýyl bu hüjümlerde palestin liderlerini we sosial media saýtlaryny günäleýär.

Palestinalylar bu hüjümleriň parahatçylyk tagallalarynyň başa barmazlygy sebäpli, garaşsyzlyga hiç bir umydyň ýoklugyndan gelip çykýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG